Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Serhetçileriň okuw merkezinde çagyryş harby gullugyna täze gelen ýaş esgerleriň arasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Wagyz-nesihat maslahatynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, ak sakally ýaşulylar, kümüş saçly eneler, Agrar partiýanyň işjeň agzalary, okuw merkeziniň serkerdeleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ata Watanymyzyň goranyş ukyply harby doktrinasy hakynda, Gahryman Arkadagymyzyň Watan goragçylary üçin döredip beren giň şertleri, bu ugurdaky işleri Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirişi, ýurdumyzda ýaşlar üçin edilýän aladalar, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty esasynda durmuşa geçirilýän köpugurly işler giňden wagyz edildi. Maslahatyň dowamynda ýaşuly nesliň wekilleri, deputatlar we beýleki çykyş eden adamlar ýaş esgerlere edil biz dogan ýaly agzybirlikde Watan öňünde gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, dogan mekanlaryna dolanyş barmaklaryny arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow