Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Täze ösüşlere barýas Arkadagly Serdar bilen!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Lebap welaýat kitaphanasynyň, Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň, Türkmenabat şäheriniň çeperçilik mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň batly gadamlaryny wasp edip, “Täze ösüşlere barýas Arkadagly Serdar bilen” atly dabaraly maslahat geçirildi. Lebap welaýat kitaphanasynda geçirilen “Täze ösüşlere barýas Arkadagly Serdar bilen” atly maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Agrar partiýanyň welaýat, şäher we etrap komitetleriniň işgärleri, çeperçilik mekdebiniň okuwçylary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Milli Liderimiziň ähli ulgamlarda döredip beren giň mümkinçilikleri, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ýurdumyzda döredilen giň şertler dogrusynda buýsançly belläp, bu işleri Arkadagly Serdarymyzyň belent ruhybelentlik bilen üstünlikli dowam etdirişine öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünliklere, zähmet ýeňişlerine, halk üçin döredilýän giň şertlere öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda durmuşa geçirilýän ähli işlerde öň hatarda boljakdyklaryny belläp geçdiler we ýurdumyzda 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna işjeň gatnaşmaklaryny wagyz etdiler.

Çykyşlarda Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň halkyň ýaşaýyş derejesini ösdürmekde, saglyklaryny berkitmek, ylymly-bilimli ýaş nesli kemala getirmek, ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlarda gurduryp beren binalary, desgalary üçin, ýurdumyzyň çar künjeginde gurdurýan täze oba-şäherler, dynç alyş merkezleri, sport desgalary, medeniýet ojaklary üçin köp-köp sag bolsun aýtdylar. Soňra maslahata gatnaşyjylar Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň we Türkmenabat şäheriniň çeperçilik mekdepleriniň suratkeşleriniň ata Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edip çeken, döreden eserlerini synlap ruhy lezzet aldylar.

 

Marýam Ibadullaýewa

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň

esasy hünärmeni