Şu günler ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen deň hatarda Lebap welaýatynyň hem şäher-etraplarynda, obalarynda täze ýyl dabaralary uly ruhybelentlik bilen bellenilip geçilýär. Şeýle toý-dabaralaryň biri-de Kerki etrabynyň “Kejebe” toý mekanynda geçirildi. Täze ýyl dabarasynda Keri we Köýtendag etrap häkimlikleriniň, etraplaryň syýasy partiýalarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň täze ýyl gutlaglary örän buýsançly ýaňlandy. Täze ýyl baýramçylygyna ýaşuly nesliň wekilleri, dürli kärlerde zähmet çekýän ildeşlerimiz işjeň gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda Kerki hem-de Köýtendag etraplarynyň medeniýet işgärleriniň aýdan aýdymlary, ýerine ýetiren tanslary, folklor oýunlary ildeşlerimize ýatdan çykmajak joşgun, ruhybelentlik paýlady. Täze ýyl dabarasynda çykyş eden syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalaryň işjeň agzalary öz çykyşlarynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan zähmet ýeňişleri, halk üçin döredilýän giň şertler barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Täze ýyl baýramçylygynda çykyş eden Agrar partiýanyň işjeň agzalary, tejribeli kärendeçiler öz çykyşlarynda tamamlanyp barylýan ýylymyzda oba hojalyk pudagynyň dürli şahalary boýunça gazanan zähmet ýeňişleri barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Ene ýerden bagt tapan babadaýhanlar öz çykyşlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän adamlara döredip berýän şertleri barada esasan hem 2024-nji ýylyň hasyly boýunça pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmak boýunça gol çeken taryhy kararyna öz sagbolsunlaryny aýtdylar. Olar öz çykyşlarynda geljek ýylda hem ene ýere päk ýürekden hyzmat edip, ýerden bol hasyl almak üçin ýurdumyzyň azyk Garaşsyzlygyna öz şahsy goşantlaryny goşmak üçin bar ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmak zähmet çekjekdiklerini uly ynam bilen belläp geçdiler.
Täze ýyl dabarasynda edilen ähli çykyşlarda-da uly joşgun bilen aýdylan aýdymlarda-da Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza soňlanmajak alkyşlar, sagbolsunlar eriş-argaç bolup geçdi. Ildeşlerimiz täze ýyl arçalarynyň öňünde täze ýyl gutlaglarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, mähriban halkymyza jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, täze ýylda uly rowaçlyklary arzuw etdiler. Köpüň arzuwy hasyl bolup, täze ýyl her bir öýe bagt, şatlyk, rysgal, bereket getirsin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow