Şu günler ýurdumyzyň ähli künjegi bilen deň hatarda Lebap welaýatynyň hem şäherlerinde, etraplarynda, obalarynda Täze ýyl baýramçylygyny ruhybelentlikde garşylamak maksatly guramaçylyk işleri batly gadamlar bilen durmuşa geçirilýär.
Şäherleriň, etrap merkezleriniň iň gözel künjeklerinde Täze ýyl arçasy dikelip, täze röwüşde bezelýär.
Bu ugurda alnyp barylýan işler Türkmenabat şäherinde hem güýçli depginde dowam edýär. Türkmenabat şäherinde “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň öňünde gurulan welaýatyň baş arçasy, Lebap welaýat kitaphanasynyň öňündäki arça we welaýat söwda edarasynyň öňünde bezelen Täze ýyl öwüşginleri raýatlarymyza Täze ýylyň joşgunyny paýlaýar. Gijelerine şäheriň içine aýlanyp görseň Türkmenabat şäheri özüniň gözel keşbi bilen, kalbynda täze hyjuwlary oýarýan, Täze ýyl öwüşginleri bilen seni özüne maýyl edýär. Türkmenabat şäherindäki ak bazarlar, döwrebap söwda nokatlary hem Täze ýyl bezegleri bilen nurlanyp, halkymyza hyzmat edýär. Ynha biz ýakynda Türkmenabat şäherinde hereket edýän “Täjir” market söwda merkezinde halkymyza edilýän hyzmatlar bilen gyzyklanyp, bu söwda merkezinde işleýän satyjylaryň, Täze ýyl saçagyny bezemek we Täze ýyl sowgatlaryny satyn almaga gelýän ildeşlerimiziň armasyny ýetirmäge bardyk. Söwda merkezini aýlanyp görenimizde bu ýerde ildeşlerimiziň Täze ýyl saçaklaryny bezemek üçin dürli azyklyk önümleriniň bolçulygy döredilipdir, Täze ýyl sowgatlarynyň hem dürli görnüşleri taýýarlanypdyr. “Täjir” market söwda merkezi 2024-nji ýylyň martynda açylyp, şol döwürden bäri halkymyza elýeter bahadan öz harytlaryny hödürläp gelýär. Buýsanç bilen belläp geçmeli zadymyz hem bu söwda merkeziniň aksiýa yglan edip, awtoulag ýaly uly baýraklar goýup, halka hyzmat etmekde, alyjylaryň göwnüni tapyp, gerekli harytlar bilen üpjün etmekde baý tejribe toplap, halkyň uly hormatyna mynasyp bolandyklaryna hiç kimiň şübhesi ýok bolsa gerek. Häzirki wagtda bu söwda merkezinde halkymyzyň täze ýyly ruhybelentlik bilen garşy almaklary üçin ähli harytlar bar. Biz “Täjir” market söwda merkeziniň ýolbaşçysyna we işgärlerine halkymyz üçin elýeter bahalardan dürli harytlary almak üçin ýola goýan hyzmatlary üçin özümiziň hoşallygymyzy bildirýäris we bu ýerde zähmet çekýän işgärlere Täze ýylda täze-täze zähmet ýeňişlerini arzuw edýäris. Täze ýyly şatlyk-şugalaňa besläp geçirmek üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hiç wagt soňlanmajak sag bolsunymyzy aýdýarys!
Goý, Täze ýyl her bir ojaga bagt, şatlyk, rysgal, döwlet getirsin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Marýam Ibadullaýewa