Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Täze ýylyň batly gadamlary.

Täze ýylyň batly gadamlary.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Lebap welaýat bölüminiň, Lebap welaýat Adalat bölüminiň bilelikde gurnamagynda, welaýat Adalat bölüminiň mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň batly gadamlary” atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatda Agrar partiýanyň jogapkär işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şähsy we köpçülikleýin agzalary, ýaşuly we ýaş nesliň wekilleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň şertleri esasynda ata Watanymyzda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda durmuşa geçirilýän beýik we dowamly il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleriň waspyny belentden ýetirdiler. Çykyş edenler ata watanymyzyň ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has ösmegi, ýaşuly we ýaş nesiller üçin edilýän aladalar üçin Milli Liderimize we Arkadagly Serdarymyza çyn kalplaryndan alnyşlar aýdyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

 

Bagtyýar Derkarow

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri