Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Dänew etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda Dänew etrabynyň merkezinde ýerleşýän medeniýetöýünde täze ýylyň adyny wagyz etmek maksatly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bagtyýar ýaşlary batly gadamlary” atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatda Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, ýaşuly we ýaş nesliň wekilleri, Agrar partiýanyň işjeň agzalary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda her ýyla mynasyp at dakmaklyk asylly däbe öwrülendigini, şol ýörelgeden ugur alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi halk köpçüliginden gelen teklipler nazara alyp, 2023-nji ýyla “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip at dakmak barada Karar kabul edendigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyş edenler Arkadag Serdarymyzyň täze ýyl arçasynda öz halkyny gutlap eden taryhy çykyşyndan ruhlanyp, ähli ulgamlarda başy başlanan işleriň bolsa diňe üstünlige, zähmet ýeňişlerine eltýändigini ruhybelentlik bilen nygtap geçdiler. Çykyşlarda täze ýylyň adynyň bagtyýar ýaşlar bilen berk baglanyşygynyň many-mazmuny barada, Arkadag Serdarymyzyň baştutanlygynda täze ýylda ýaş nesil üçin uly aladalaryň ediljekdigi barada ýaşuly nesliň wekilleri öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Ýaşlar öz çykyşynda ýaşlar üçin uly aladalaryň edilýän giň mümkinçilikleriň döredilýän ýurdunda dünýä inendiklerini, şeýle bagtyýar ýaşlar bolup kemala gelýändiklerine guwanyp, Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza päk ýüreklerinde öz hoşallyklaryny bildirdiler. Olar “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, mähriban halkymyzyň ýaşlara bildiren beýik ynamyny ödetmek üçin jemgyýetiň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän işlere öz goşantlaryny goşup, Watançylyk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerini berk ynandyrdylar. Soňra täze ýylyň täze gadamlaryna bagyşlanan dabaraly maslahata gatnaşyjylara Dänew medeniýet işgärleriň gurnan aýdym-saz çykyşlary, joşgunly tansalry, kitaphana işgärleriniň gurnan kitap sergileri ýatdan çykmajak öwüşgin çaýdy. Dabaraly maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Hormatly Prezidentimize hoşallyk ýüzlenmesi kabul edildi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Bagtyýar Derkarow