Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kiçi we orta kärhanalaryna döredip berýän giň şertleri esasynda şeýle kärhanalaryň sany barha köpelýär. Ine şeýle kärhanalaryň biri-de “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda täze binada işe başlan Kerki etrabynyň merkezinde hereket edýän “Et we şöhlat” önümleri kärhanasydyr. Bu kärhana Garaşsyzlyk ýyllary içinde Kerki etrabynyň çäginde we goňşy etraplar bolan Halaç, Köýtendag, Hojambaz etraplarynda ýaşaýan ildeşlerimize şöhlat önümleriniň 10-dan gowragyny elýeter bahadan hödürläp gelýär.
Biz hem ýakynda Kerki etrabynyň merkezinde hereket edýän “Et we şöhlat önümleri” kärhanasynyň täze açylan binasynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň armasyny ýetirmek we bu kiçi kärhanada durmuşa geçirilýän işleri ýakyndan synlamak maksatly bu kärhana geldik. Bu kärhana et we şöhlat önümleri kärhanada “Daşrabat”, “Köýtendag” ýaly 10-dan gowrak kakadylan we ýarym kakadylan şöhlat önümleri öndürilýär. Et we şöhlat önümleri kärhanada çig eti saklamak üçin sowadyjylar hereket edýär. Bu täze açylan et we şöhlat önümleri kärhanada şöhlat önümleriniň taýýarlanşyny ýakyndan synlamaga döredilen şertler bu kärhananyň öndürýän şöhlat önümleriniň satyn alnyşy depgininiň güýçlenmegine, il içinde has ýokary isleg bildirilýän azyklyk haryt hökmünde alyjylaryň sanynyň köpelmegine ýardam berýär diýip bu ýerde zähmet çekýän işgäler bize uly buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Bu kärhanada Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Kerki etrap komitetleri tarapyndan günortan arakesmede Hormatly Prezidentimiziň “Agrar” syýasatyny düşündirmek maksatly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda bu kiçi kärhanada zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrlyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrlyş dabarasynda Hormatly Prezidentimiziň täze ýazan kitabynyň many-mazmuny, ýaşlara bildirýän uly ynamy barada täsirli çykyşlar edildi. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyndan bölekler okap bu kärhanada zähmet çekýän işgärlere ruhybelentlik paýladylar. Soňra bu kärhananyň täze ýylda täze binada işe başlan bu kärhananyň işgärlerine uly rowaçlyk arzuw etdik.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow