Ýakynda ýakynda TAP-nyň Lebap welaýat, Dänew etrap komitetleriniň we Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň bilelikde gunamaklarynda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda Daşky gurşawy goramagyň halkara güni mynasybetli “Tebigat biziň umumy öýümiz” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresine Agrar partiýanyň işjeň agzalary, goraghananyň ylmy işgärleri işjeň gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden adamlar Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurt, sebit, halkara derejesinde ekologiýa abadançylygy, daşky gurşawy goramak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň şor suwlaryny bir akaba jemläp, “Altyn asyr” Türkmen kölüni döretmek, Daşoguz welaýatynyň çäginde Botendepe belentliginde ençeme müň gektar ýere selin, sazak agzaçlaryny ekmek, her ýyl ýazky, güýzki bag ekiş dabarasyny geçirmek ýaly durmuşa geçiren beýik işlerini buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ençeme gezek dünýä derejesindäki iň uly mejlislerde ekologiýa abadançylygy mynasybetli öňe süren meselelerini buýsanç bilen belläp, bu ugurdaky işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli durmuşa geçirýär diýip jaýdar belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda çärä gatnaşyjylar goraghananyň muzeýine aýlanyp görüldi. Ol ýerde Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde ýaşaýan haýwanat, ösümlik dünýäsi barada gürrüň berýän eksponatlara syn edilip uly ruhy lezzet aldylar. Gezelenç döwründe oba hojalyk pudagynda zähmet çekip ýören daýhanlar müzeýde XVIII – XIX asyrda degişli jykyryň, ýer sürýän gurallaryň, un üweýän degirmen duşlaryň, däne döwmek üçin niýetlenen sokyny we ýene-de gadymy türkmen obalarynyň oba hojalyk gurallaryny, kiçi göwrümli desgalaryny synlap, şol döwürlere guýbuna syýahat etdiler. Soňra wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň janly muzeýinde sugunlary, keýikleri ýakyndan synlap ruhlaryna ruh goşdular.
Wagyz-nesihat çäresiniň soňunda ýurdumyzda hereket edýän döwlet goraghanalarynda döredilýän uly şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza soňsuz sag bolsunlar aýdylyp, döwlet baştutanlarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdir Bagtyýar Derkarow