Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde Tebigaty goramagyň halkara gününe bagyşlanyp dabaraly maslahatlar, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, surat bäsleşikleri we ýene-de birnäçe görnüşli medeni çäreler uly ruhybelentlikde geçirilýär.
Ine şeýle çäreleriň biri-de ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda Lebap welaýat kitaphanasynda geçirildi. Daşky gurşawy goramagyň halkara gününe bagyşlanyp “Tebigat biziň öýümiz” atly şygar astynda geçirilen dabaraly maslahat Agrar partiýanyň welaýat, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri, işjeň partiýa agzalary, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň, Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri, kitaphanaçylar we Türkmenabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar we buýsançly çykyş etdiler.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygy boýunça ýurt derejesinde we sebit, dünýä derejesinde durmuşa geçirilen işlerini buýsanç bilen sanap geçdiler we bu ugurdaky işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam etdirýär diýip belläp geçdiler.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilen “Altyn asyr” Türkmen kölünde, Daşoguz welaýatynyň çäginde Botendepe belentliginde ekilen ençeme müň gektar sazak tokaýlygy hakynda, her ýylyň ýazky, güýzki bag-ekiş dabaralary hakynda, Hazaryň biodürliligini goramakda, bu mekany dynç alyş merkezine öwürmekde edilen beýik işler hakynda täsirli çykyşlar etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň BMG-nyň Baş Assambleýasynda, Halkara forumlarda ekologiýa abadançylygy, howanyň üýtgemegine garşy göreş maksatly Aşgabatda merkez gurmak, agyz suwuny tygşytly ulanmak, zawod-febrikleriň tebigata zyýanyny peseltmek barada öňe süren teklipleriniň bütin dünýäde giň seslenme tapyşy dogrusynda belläp geçdiler.
Dabaraly maslahatda Lebap welaýatynyň çäginde hereket edýän “Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynda”, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda, Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda durmuşa geçirilýän işler barada buýsançly çykyşlar edildi. Esasan hem Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleriniň sugunlar hakda, sugunlaryň her ýyl şahyny täzeleýişi, goraghananyň janly bursynda saklanýan sugun, keýikler, guşlar baradaky, bu ýerde döredilen emeli tokaýlar baradaky çykyşy täsirli boldy.
Mundan başga-da maslahatda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemygýetiniň, Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň welaýat bölüminiň, kitaphana işgärleriň hem ekologiýa, daşky gurşawy goramak hakda eden çykyşlary maslahat gatnaşyjylarda uly ruhybelentlik döredip, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga bolan hyjuwlaryny has güýçlendirdi.
Maslahatyň dowamynda welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemygýetiniň Lebap welaýat bölüminiň gurnan kitap we haýwanat dünýäsinden döredilen sergilerine syn etdiler. Maslahatda joşgunly çykyş eden her bir watandaşlarymyza Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemygýetiniň Lebap welaýat bölüminiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň adyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri
Bagtyýar Derkarow