Ýurdumyzyň ähli künjekleriniň tebigatyna mahsus gaýtalanmajak ajaýyp gözelligi bar. Gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklary bolan, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak her bir raýatlarymyzyň mukaddes borjy hasaplanylýar. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, geljek nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny aýawly saklamak Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan dünýä ýüzünde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek işlerinde işjeň hereket edýän ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurdumyz ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanşykly täze başlangyçlary öňe sürmek boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine hem ýardam berýär. Häzirki wagtda iri möçberli tokaý zolaklarynyň döredilmegi, çölleşmä garşy göreş, bio dürlüligi gorap saklamak hem-de köpsanly beýleki ugurlar boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ähli umumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda esasan hem ýurdumyzda ilatly ýerleriň köpelýändigini şeýle-de ulag kommunikasiýalarynyň, senagat düzüminiň ýokary depginler bilen ösýändigi bilen baglylykda ýaşyl zolaklary we tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar.
Bilşimiz ýaly her ýylda ýurdumyzda dürli miweli, saýaly we pürli baglaryň, ýylyň dört paslynda hem gök öwsüp otyran arça agaçlarynyň dürli görnüşleri ekilýär. Ekilen baglara ideg etmek işleri hem uly depginler bilen alnyp barylýar. Zähmetsöýer halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şeýle çärelere uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar.
Golaýda, bu işler dogrusynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň we Daşoguz welaýat kitaphanasynyň gurnan maslahatynda giňden bellenip geçildi. Maslahata Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň işgärleri, işjeň agzalary, we Daşoguz welaýat Tokaý hojalygynyň işgärleri gatnaşdylar.
Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek ýurdumyzda üns berilýän esasy meseleleriň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň netijesinde ýurdumyzda giň tokaý zolaklary döredildi. Döredilýän tokaý zolaklar, ekilýän baglar ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşýar.
Halkymyzda irki döwürlerden bäri bag ekmek, idetmek işleri sogap iş hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda bag barada birnäçe paýhasly sözler eriş-argaç bolup geçýär. “Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan”, “Agaç miwesinden belli, adam hilesinden”, “Agaç barly bolsa, başy aşak”, “Agaç tutan ýeriňden döwülmez”, “Bag-barsyz bolmaz, at-timarsyz”, “Bag- ekeniňki, ýap-çekeniňki”, Bag aýdypdyr: “Bak maňa, bakaýyn saňa”, “Bagy- bagban, sürüni çopan iýer”, “Bagym bar, barym bar”. Bu paýhasly jümleleri okanymyzda baglaryň ynsan durmuşynda nähili orun tutýandygyna göz ýetirmek bolýar.
Peder ýörelgesini mynasyp dowam edýän, Arkadagly Gahryman Serdarymyza gymmatly milli baýlygymyz bolan gözel tebigatymyzy gorap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsyzlygy boýunça baş hünärmeni Meredow Serdar.