Köneürgenç etrabynyň 58-nji orta mekdebinde Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidumynyň mejlisinde seredilen meseleler we öňde duran möhüm wezipeler barada tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Şöhbetdeşligi TDP-nyň, TAP-nyň etrap komitetleri, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-nyň etrap Geňeşi bilelikde gurnadylar. Tegelek stoluň başynda geçirilen söhbetdeşlikde Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Halnazar Nurmuhammedow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Mahmut Ýazow, TDP-nyň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Gurbannepes Täçmedow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mekan Hudaýberdiýew dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Gharyman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidumynyň mejlisiniň geçirilendigi barada aýtmak bilen, mejlisde seredilen meseleler dugrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň sentýabr aýynda geçiriljek Watanmyzyň Graşsyzlygynyň 32 ýyllygyna we Türkmenistanyň Halk maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly birnäçe meseleler barada hem aýratyn nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladasy bilen ýurdymyz ösüşiň täze tapgyrynda ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdymyzyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şular dogrysynda aýtmak bilen tegelek stoluň başynda geçirilen söhbetdeşlige gatnaşyjylar Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni