Daşoguz welaýatynyň Merkezi Kitaphanasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidumynyň mejlisinde seredilen meseleler we öňde duran möhüm wezipeler barada tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Şöhbetdeşligi TAP-nyň Daşoguz welaýat komiteti gurnady. Tegelek stoluň başynda geçirilen söhbetdeşlikde TAP-nyň Daşoguz welaýat komitetiniň baş hünärmeni Baýram Amangeldiýew, TAP-nyň Görogly etrap komitetiniň hünärmeni Läle Işankulyýewa, TMÝG-nyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hünärmeni Wepa Esenow dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Gharyman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidumynyň mejlisiniň geçirilendigi barada aýtmak bilen, mejlisde seredilen meseleler dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň sentýabr aýynda geçiriljek Watanymyzyň Graşsyzlygynyň 32 ýyllygyna we Türkmenistanyň Halk maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly birnäçe meseleler barada hem aýratyn nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladasy bilen ýurdymyz ösüşiň täze tapgyrynda ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdymyzyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şular dogrysynda aýtmak bilen tegelek stoluň başynda geçirilen söhbetdeşlige gatnaşyjylar Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Çynar Berdikulyýewa. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.