Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Tehnikalar, gurallar abatlanýar.

Güýzlik bugdaý ekişine taýýarlyk görmek işleri Köneürgenç etrabynda hem barha giň gerime eýe bolýar. Häzirki wagtda güýzlik bugdaý ekişi geçirilmegi göz öňünde tutylan ýerlere suw tutmak, ekiş  möwsüminde ulanyljak tehnikalary, gurallary abatlamak işleri alnyp barylýar. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işçi hünärmenleri ekiş möwsüminde ulanyljak   tehnikalary, olaryň tirkeg gurallary abatlamak işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň ekiş möwsüminde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň dürli kysymly tehnikalarynyň çizil sürümde 31-sy, ekiji tehnikalaryň 28-sy, baranamalaryň 70-sy we beýleki gurallaryň hem onlarçasynyň güýjinden peýdalanmak göz öňünde tutylýar.  Bu tehnikalara, gurallara kärhananyň kebşirleýji, ýonujy, abatlaýjy ussalar tarapyndan zerur bolan tehniki hyzmatlar görkezilýär. Ezber elli ussalardan Sapargeldi Togalakow, Toýlymät Şamedow, Bäşbaý Janmedow, Parhat Durdyýew dagylary aýtmak bolar. Olar özlerine berkidilen işleri ýokary hil derejesinde berjaý edip, her bir güni ýokary iş netijeleri bilen jemleýärler. Şeýle hem kärhana tarapyndan göçme abatlaýjy toparlary döredilip, kepşirleýji enjamlar, tejribeli ussalar, ýangyç guýyjy tehnikalar bilen üpjin edildi. Bu topar agzalary ekiş möwsüminde iş üstinde tehikalara zerur tehniki hyzmatlary görkezip, ekişiň ýokary depginlerde gitmegine özüniň oňyn netijesini berer.  Ekiş möwsümine ähli taraplaýyn ykjam taýýarlyk görülmegi, etrap boýunça güýzlik bugdaý ekilmegi göz öňünde tutylan 17500 gektar ýerde gysga wagtda geçirip gutarmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi geljek ýylyň bol galla hasylynyň kemala gelmegine şert döreder.

Gülhumar   HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň  Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç  etrap  komitetiniň esasy hünärmeni