Şu günler ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen deň hatarda Lebap welaýatynyň hem ähli etrap-şäherlerinde, obalarynda mukaddes Garaşsylygymyzyň 33 ýyllyk toýuna bagyşlanyp aýdym-saza beslenen dabaralar, ýygnaklar, maslahatlar, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler uly ruhybelentlik bilen geçirilýär.
Geçirilýän baýramçylyk çärelerinde çykyş edýän ildeşlerimiz Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen bagty, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda edilen beýik işler, ýetilen sepgitler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has ösdürmek maksatly guralan köpugurly desgalar barada buýsnçly belläp geçýärler.
Ine şeýle wagyz-nesihat çärelerini biri-de ýakynda TAP-nyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Lebap welaýat Azyk önümçilik kärhanasynda geçirildi. Türkmenistanyň azyk senagaty döwlet birleşiginiň Lebap welaýat Azyk önümçilik birleşiginde geçirilen wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň azyk Garaşsyzlygyny berkarar etmekde, oba hojalyk önümleri gaýtadan işläp azyklyk önümleri öndürýän döwlet kärhanalaryna, hususy ulgama döredip beren giň şertleri üçin öz hoşallyklaryny bildirdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2015-nji ýylda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň sanyny azaltmak, ýurdumyzda daşary ýurtlardan satyn alynýan azyklyk we beýleki harytlaryň ornuny tutup biljek ýokary hilli harytlary ornun öndürmek barada kabul edilen döwlet maksatnamasy esasynda döredilip berilen giň şertler, döwlet banklaryndan enjamlary ýeňillikli karzlar esasynda satyn almaga döredilen şertler esasynda ýurdumyzda azyklyk önümleriniň hemençeme görnüşi öndürilip halka elýeter bahadan ýetirilip başlandy diýip belläp geçdiler. Çykyşlaryň dowamynda Lebap welaýat Azyk önümçilik birleşigine degişli bolan kärhanalarda hem halkymyzy ýylyň dört paslynda hem azyklyk önümleriň dürli görnüşleri bilen elýeter bahadan üpjün etmek üçin degişli işleriň geçirilendigini, täze önümleriň sanynyň ep-esli artandygy bellenip geçildi. Soňra wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar Lebap welaýat Azyk önümçilik birleşiginde durmuşa geçirilýän işler bilen ýakyndan tanyşyp kärhananyň barlaghana bölümine, gowaça çigidinden öndürilen ýaglary gaplanýan bölüme, sabyn öndürilýän sehe we etraplardaky pagta arassalaýjy zawodlarda getirilýän gowaça çigitlerini ýerleşdirilýän ammara, gaýtadan işlenende emele gelýän mal iýimleri saklanýan ammarlara aýlanyp gördüler we bu kärhanada zähmet çekýän ildeşlerimize zähmet üstünliklerini arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow