Ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komtetiniň, Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda, bilim, saglygy goraýyş işgärleriniň işjeň gatnaşmagynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmen alabaý itleriniň güni mynasybetli "Türkmen alabaýy - milli buýsanjymyz" atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatda Agrar partiýanyň işjeň agzalary, öz hünärine ezber itşynaslar, ýaşuly we ýaş nesliň wekilleri buýsançly çykyşlary etdiler.
Çykyş edenler öz çykyşlarynda geçmişden şu günimize nazar aýlanymyzda ata-babalarymyz bedewinde myradyny, alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler. Biz bu taryhy hakykata Gahryman Arkadagymyzyň "Türkmen alabaýy" atly kitabynda "Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän "Türkmençiligiň" batyrlyk, merdanalyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr" diýen ganatly jümlelerini buýsanç bilen belläp geçdiler. Olar öz çykyşlarynda mundan başga-da kitpda Gahryman Arkadagymyzyň "Alabaý - biziň milli buýsanjymyz. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek neslimize ýetirmek biziň borjumyz" diýen bize wesýet eden jümlelerini ruhybelentlik bilen tekrarladylar. Mundan başga-da çykyş edenler bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň hukuk binýadyny has berkitmek maksatly Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen "Itçilik we kinolgiýa işi hakynda", "Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda", "Selensiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda", "Weterinariýa işi hakynda" kabul edilen kanunlaryň we itçilik we kinologiýa işi hakyndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri kada-kanun esasynda ýola goýmaga giň şertler döredýär diýip buýsanç bilen belläp geçdiler. Olar öz çykyşlarynda "Itçilik we kinologiýa işi hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň esasy maksady itçilikde seçgi-tohumçylyk işini gowulandyrmakdan, milli genofondumyza girýän itleriň tohum arassalygyny gorap saklamakdan, itleriň tohumlaryny köpeltmekden, bu ugurdaky işleri ylmy esasda ösdürmekden ybaratdyr diýip bellep geçdiler.
Dabaraly maslahatda çykyş eden itşynaslar türkmen halkynyň tohum itlerini kemala getirmäge giň şertleri döreden Halkara türkmen alabaý itler Assosiasiýasynyň welaýat merkezlerini gurduryp berendigi üçin, türkmen alabaý itleriniň abraýyny bütin jahana ýaýmak maksatly durmuşa geçiren we geçirýän beýik işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmejek alkyşlaryny aýtdylar. Olar öz çykyşlarynda Türkmen alabaý itleriniň güni mynasybetli Gahyman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy, ähli itşynaslarymyzy tüýs ýürekden gutladylar we her bir türkmen ojagyna bagt, şatlyk, rysgal-bereket arzuw etdiler. Dabaraly maslahatdan soň maslahata gatnaşyjylar Lebap welaýat kitaphananyň işgärleriniň Türkmen alabaý itleriniň güni mynasybetli gurnan kitap sergisine syn edip, ruhy lezzet aldylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri
Bagtyýar Derkarow