“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Arkadag Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ähli ugurlary bedew bady bilen öňe barýar.
Ýurdumyzda toýlanylýan her bir toý-baýram halkymyza ruhybelentlik, şatlyk paýlaýar. Ynha ýakynda Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy uly dabara bilen bellenilip, onuň yzy süreside saglygy goraýyş we derman senagat işgärleriniň hünär baýramy bellenilip geçildi. Şol baýramçylyk günlerinde Lebap welaýatynyň Saýat hem-de Dänew etraplarynda durky täzelenip, täze zamana enjamlar bilen enjamlaşdyrylan etrap hassahanalary ulanmaga berildi.
Ynha şu günler ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramyny uludan belleýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 22-nji dekabrynda çykaran № 919 belgili Permanyna laýyklykda ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilýär. Ine “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilip başlandy.
Şol ýyl ýurt derejesinde Türkmen alabaýlarynyň gözellik bäsleşigi geçirilip, ol bäsleşikde ýeňiji bolan Goranmak ministrliginiň alabaý itini ildeşlerimiz buýsanç bilen ýatlaýarlar. Türkmen alabaýynyň baýramçylygynyň ilkinji gezek bellenilen ýylynda ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen deň hatarda Lebap welaýatynda hem bu baýrama bagyşlap uly toýlar tutuldy.
Hormatly Watandaşlar!
Aslyýetinde türkmen halky ahalteke aty, alabaý iti, arwana düýesi, saryja goýuny, türkmen halysy, dutary bilen dünýä özüni tanatdy. Türkmeni dünýä tanadan maddy hem-de maddy däl gymmatlyklarymyzyň ählisini Gahryman Arkadagymyz dünýä tanatdy. Muňa ÝUNESKO-nyň maddy hem-de maddy däl gymmatlyklarynyň sanawyna girizilen milli baýlyklarymyzy mysal getirse bolar. Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat şäheriniň eteginde alabaý itleri üçin sagaldyş merkezini gurdurmagy, ähli welaýatlarda alabaý itlerini saklamak, idetmek üçin welaýat merkezleriň gurduryp ulanmaga bermegi, bu işleri Türkmen alabaý itleri Assosiasiýanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýändigi halkymyzy aşa begendirýär.
Welaýatymyzyň etrap, şäherlerinde, obalarynda türkmen alabaýynyň baýramçylygy mynasybetli dabaraly maslahatlar, tegelek stolda söhbetdeşlikler uly ruhybelentlik bilen bellenilip geçilýär. Şeýle maslahatlaryň biri-de ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Lebap welaýat kitaphanasynyň, Türkmenabadyň Agrosenagat orta okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, şäher we etrap komitetleriniň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri, itşynaslar, talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Maslahatda çykyş eden adamlar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen alabaýlary üçin welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäheriniň eteginde gurduryp beren merkezleri üçin köp hoşallyklaryny bildirip, bu ugurdaky işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirişine öz guwançlaryny bildirdiler. Çykyşlaryň dowamynda türkmen alabaý itleriniň gözellik bäsleşigi hakda, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýlary” atly kitaby barada buýsançly sözler aýdyldy. Maslahata gatnaşyjylar welaýat kitaphanasynda Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň, Türkmenabadyň çeperçilik mekdebiniň gurnan surat sergilerini, kitaphanaçylaryň gurnan kitap sergilerini synlap, ruhlaryna ruh goşdular.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow