Köneürgenç etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamaklygynda Akgala geňeşligindäki Hywaçoý bagynda Bedewim bar-sarpam bar ady bilen türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Salkyn saýaly gözel tebigat goýnunda geçirilen çärede köp öwüşgünli sergiler ýaýbaňlandyryldy. Sergilerde at esbaplary, gurallary, ýapynjalar, at heýkelleri görkezildi. Şeýle hem etrap medeniýet bölüminiň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar özleriniň aýdym-sazly çykyşlarynda gamyş gulak türkmen bedewiniň waspyny ýetirdiler, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladasy bilen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzinde at-abraýnyň barha arşa galýandygy, ynsan gylykly bedewlere goýulýan belent hormat-sarpa barada sahna oýunlarynyň, aýdym-sazly çykyşlarynyň üsti bilen beýan etdiler. Gül-gunçalara beslenip otyran bagda geçirilen çäre göwün göteriji ýakymly pursatlara baý boldy. Bagyň içinde atly gezelenjiň edilmegi, körpeje çagalaryň kömelek ýygyşlary, aýterek-günterek oýnamagy çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Şeýle hem çagalar sungat mekdebiniň höwesjeň suratkeş okuwçtylarynyň geçirilýän pursatlardan, bedew atlaryň, gül gunçalara beslenip otyran agaçlaryň, gözel tebigatymyzyň suratlaryny çekmegi çärä aýratyn bir gelşik berdi. Bu ýerde gurnalan görkezme çykyşlaryň ählisinde ynsan gylykly bedewleriň şan-şöhratynyň nä derejede belentdedigini giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar HOJAHMETOWA