Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby çapdan çykdy.
Türkenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti tarapyndan hem täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralarynyň birnäçesi geçirildi.
Türkenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, Saýat etrap komitetleri tarapyndan Sakar şäher medeniýet öýünde geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden Agrar partiýanyň jogapkär işgärleri hem-de işjeň partiýa agzalarymyz täze kitapda geçilen ýollar, edilen işler bilen bir hatarda, durmuşy özgertmegiň, Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary baradaky pikir-garaýyşlar beýan edilýändigi barada buýsanç bilen belläp geçdiler.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler kitap 8 bölümden ybaratdygy belläp, olar «Ömrümiň manysy — il-halkym», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda», «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy», «Öwreneniň özüňki», «Geçmişiňe buýsanmak — geljegiňi gurmak», «Ömrüňiz uzak bolsun!» ýaly bölümler bolup, olarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ýolunyň dürli tapgyrlary baradaky giňişleýin maglumatlar öz beýanyny tapýandygyny aýtdylar.
Ýene-de Gahryman Arkadagymyzyň döwlet galamyndan çykan hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda çap edilen nobatdaky taryhy-filosofik eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup hyzmat edendigini çykyş edenler bellediler.
Dabaraly çäräniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini päk ýüreklerinden arzuw etdiler!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni Jeren Kulyýewa