Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýnuň toýlanýan “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bellenilýän türkmen halysynyň baýramçylyk dabaralary Köneürgenç etrabynda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Köneürgenç etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet merkeziniň bilelikde gurnamagynda etrabymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan Akgala geňeşligindäki bagda geçirilen bu baýramçylyk çäresi baý many mazmuna eýe boldy. Salkyn saýaly tebigat goýnunda geçirilen türkmen halysynyň baýramçylyk çäresine etrabyň eli çeper zenanlary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşyp, ene-mamalarymyzdan arkama-arka geçip gelýän üme dessurlaryny ýerine ýetirip, türkmeniň el-işleri barada söhbet etdiler. Esasanda 18-nji maýda hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat enäniň sünnäläp bejeren kürtesiniň we ýüň jorabynyň döwlet muzeýine sowgat bermegi dogrusynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Üstinden ýarym asyr wagt geçen hem bolsada asyl durkyny ýitirmän saklanan Ogulabat ejemiziň el işleriniň ýaş nesillerimiz üçin nusgalykdygy barada aýtdylar. Çäräniň dowamynda gelin-gyzlarymyzyň dürli el işleri bilen meşgullanyp otyrmagy, haly we haly önümleriniň sergileriniň ýaýbaňlandyrylmagy çäre gatnaşyjylarda milliligimize bolan buýsanjy has-da artdyrdy. Çäräniň dowamynda etrabymyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna, joşgunly tanslaryna uly orun berildi. Perman Babajanow, Şöhrat Aranow, Uzakberdi Aşyrow, Yhlas Atakäýew, Arzuw Halbaýewa, Ogulbagt Garrybaýewa ýaly aýdymçylaryň hoş owazly aýdym-sazlary, Köneürgenç nagmalary folklýor toparynyň kalp tolgundyryjy tanslary çäräniň şatlyk şowhunyny has-da artdyrdy. Olar hoş owazly aýdym-sazlarynda bagtyýar döwrümizi, halyçylyk sungatyny, eşretli durmuşymyzy, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerini wasp etdiler. Uzak wagtlap dowam eden türkmen halysynyň baýramçylyk çäresi çärä gatnaşan zenanlarda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrdy. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar Gahryman Prezidentimize çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Gülhumar HOJAHMETOWA
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni