Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň dünýä syýasatynda, ykdysadyýetinde eýeleýän mynasyp orny häzirki wagtda has aýdyň duýulýar. Bu bolsa ählumumy hyzmatdaşlyk babatda täze wezipeleri, ösüşiň gerimini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkmen halkynyň milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alyp Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik hem-de Agrar partiýalaryň Lebap welaýat komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty-aýdyň maksatlar, möhüm wezipeler” atly brifink we kitap sergisi geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmen halkynyň milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny we Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülmeli tabşyryklar barada aýdyp geçdiler. Çykyş edenler öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, şeýle hem “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanynynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklyk-da,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidumynyň mejlisiniň çagyrandygy barada Gahryman Arkadagymyz aýdyp geçendigi barada aýtdylar.
Çykyşlaryň soňunda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda türkmeniň meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek we dünýä tanatmak boýunça milli hem-de halkara derejede dürli çäreleri geçirilýär. Şu ýylyň başyndan bäri atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaşlarymyz, daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara, maslahatlara gatnaşyp ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Türkmen halkymyz Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna oba-hojalykda, sportda, ylym-bilimde, ulag-logistika, saglyk ulgamynda gazanylan belent üstünlikler bilen barýarndygyny we eziz Watanymyzyň belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň sanly tehnologiýalary we magluta howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni Hojageldi Ýazkulyýew