Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Kerki etrap komitetleriniň bilelikde gurnamagynda Kerki etrabynyň Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada dabaraly maslahaty geçirildi. Dabaraly maslahata Agrar partiýanyň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary, il sylagly ýaşulylary, kümüş saçly eneler, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri hem-de etrap medeniýet bölüminiň işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda Agrar partiýanyň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary, il sylagly ýaşulylary, etrabyň bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri çykyş edip, şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirip, onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda taryhy teklibi öňe sürmegi Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekde möhüm ädim boldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, adamyň we raýatyň hukuklaryny azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açandygyny belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly hem şanly wakalar bilen şöhratlanýandygyny we şu ýylyň 18-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi-de möhüm wakalaryň hatarynda orun alandygyny, Mejlisiň dowamynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de şol buýsançly senäniň öňisyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň hem-de Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşandyklaryny aýtsylar. Dabaraly maslahatyň soňunda ýaşaýşymyzyň eşretli, durmuşymyzyň abadan, geljegimiziň owadan bolmagy ugrunda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolmagyny, döwlet ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler we etrap medeniýt bölüminiň işgärleriniň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary dabaraly maslahata gatnaşyjylarda uly ruhybelentlik döretdi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň baş buhgalteri Nowça Muradowa