Türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşyny dünýä ýaýýarlar. Ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän her bir il-ýurt bähbitli işler diňe guwanmaga, buýsanmaga mynasyp işlerdir.
Ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Ruhyýet köşgünde tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, “Türkmen gündogary” gazetiniň habarçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Welaýat Halk Maslahatynyň agzalary, öz kärine ussat babadaýhanlar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Hormatly Prezidentimize “Altyn aý” altyn nyşanynyň, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen Hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy, türkmen halkymyzy tüýs ýüreklerinden gutladylar.
Halk Maslahatynda Hormatly Prezidentimiz öz taryhy çykyşynda welaýatymyzda bilimler we talyp ýaşlar güni 8 sany täze mekdebiniň, 1 sany täze çagalar bagynyň açylanyny, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze okuw merkeziniň binalar toplumynyň düýbüniň tutulandygyny, ýokary okuw jaýynda açylan ÝUNESKO kafedrasy hakynda belläp geçendigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrlyşynyň III Mejlisinde “Arkadag” medalyny döretmek barada täze kanunyň kabul edilmegi bilen türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlap, bu täze döredilen medalyň gelejekde kimlere gowşuryljakdygyny düşündirdi. Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligimizde Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy karary esasynda ömrüniň 42 ýylyny daýhançylyga bagyşlap, “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medala mynasyp bolan Saýat etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akgözel Jumalyýewanyň çykyşy has täsirli tolgundyryjy boldy. Şu sowgatlaryna mynasyp bolan ildeşlerimiz we söhbetdeşligimiziň beýleki hormatly myhmanlary söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşyň ähli ugurlarynda sazlaşykly, ösüşlere beslenip, gazanylýan zähmet ýeňişlerine öz goşantlaryny goşup, öň hatarda boljakdygyna berkynandyrdylar.
Olar buýsançly çykyşlarynda Halk bilen döwletiň jebisdigini, Türkmen döwletiniň ynamly gollardadygyny buýsanç bilen belläp, iň uly baýlyk adamyň saglygy diýlip ykrar edilen ýurda diňe ösüşleriň ýar bolandygyny we gelejeginiň hem dowamatynyň dowam boljakdygyny ynamly belläp geçdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri
Bagtyýar Derkarow