Hormatly Prezidentimiziň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary täzeçe öwüşginde ýaňlanyp, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň nyşanyna öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna hem ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.
Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Oba hojalyk toplumynyň bilelikde guramagynda “Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna, Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy” atlywagyz-nesihat çäresi geçrildi. Bu wagyz-nesihat çäresine Aşgabat şäher Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri şeýle hem Oba hojalyk toplumynyň işgärleri ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar
Bu ýerde çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we şahyrana mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdyr we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen uly orun alýar. Çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär, diýip buýsanç bilen belläp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ylymly-bilimli ýaş nesli kemala getirmek, olary milli ruhda terbiýelemek üçin alnyp barylýan işler barada hem aýratyn durup geçdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeniMirhan TUWAKOW