2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Çärjew etrabynyň Dilnäz-Gülnäz toý mekanynda Çärjew etrap hakimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap bölümleriniň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, bilim ulgamynyň işgärleri we etrap medeniýet bölüminiň işgärleri gatnaşdylar. Dabarada Çärjew etrap medeniýet bölüminiň işgärleriniň hem-de çagalar sungat mekdebiniň ýerine ýetirmekliginde Watanymyzy wasp edýän aýdym sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar Milli mirasymyzy ösdürmäge, olary ýaş nesillerimize öwretmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýolyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirip, berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy Gülnur Abdyýewa