“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Eziz Watanymyzda her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli ýudumyzyň ähli künjeklerinde, Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarda, etrap merkezlerinde baýramçylyk dabaralary yzygiderli guralýar.
Hemmamiziň bilşimiz ýaly, häzirki wagtda aşgabatda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralary işe girizilýär. Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek işlerine badalga berildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da Aşgabat şäherinde täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy guruldy we açylyp ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda gurluşygy dowam etdirilýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Halkara stomatologiýa merkezleriniň hem gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
Hemmamiziň bilşimiz ýaly, 9-njy oktýabrda Aşgabatda, Olimpiýa şäherçesiniň "Sport" myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Bu forum Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guramagynda 2024-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda geçirilýär. Halkara sergä we ylmy maslahata 14 ýurtdan, 79-dan gowrak daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary, şeýle-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça hünärmenler gatnaşýar. Halkara sergide türkmen lukmançylygynda, bilimde we sportda gazanylan üstünlikler bilen birlikde daşary döwletleriň ugurdaş kompaniýalarynyň alyp barýan döwrebap işleriniň köp sanlysy ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalarynyň bilim we sport boýunça alyp barýan işleri, tehnologiýanyň soňky gazananlary Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hödürlenilýär. Bu ýerdäki diwarlyklardyr wideoşekiller myhmanlary Türkmenistanda sanly bilimiň yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Berkararlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň, şeýle-hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň 14-nji saglyk öýünde “Saglyk durmuşyň gözbaşy” atly aýdym-sazly çäre geçirildi. Bu ýerde çykyş edenler Saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler ýetilen sepgitler barada aýratyn belläp, şonuň netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň barha kuwwatlanýandygy, ýurdymyzda adam saglygy barada uly aladalar edilýändigi, ähli zerur şertleriň döredilýändigi barada buýsanç bilen nygtadylar. Baý many mazmuna beslenip, örän täsirli geçen çärä gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ähli watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutladylar. Gahryman Arkadagymyza, Arkadaly Gahryman Serdarymyza bu ugurda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.