Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan gadymy daýhançylyk däplerimiz, milli gymmatlyklarymyz gaýtadan dikeldilýär. “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda hem Arkadag Prezidentimiziň ilhalar çözgüdi esasynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýunyň şatlyk-şowhunynyň bereketli türkmen topragyny gurşap alan häzirki günlerinde bular barada söz açmak hasam ýakymly. Çünki, ene topraga yhlas siňdirip, ondan bol hasyl almagyň hötdesinden gelen ata-babalarymyzyň daýhançylyk däpleri bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesindäki tagallalary netijesinde dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen sazlaşykly alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň gadymy daýhançylyk däplerini kämilleşdirmek bilen birlikde, milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan agrosenagat toplumynda ajaýyp üstünlikleri gazanmagyň, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmegiň gözbaşyna öwrülýär. “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň kärendeçi daýhanlarynyň dürli oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde gazanan üstünlikleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Zähmetsöýer daýhanlarymyzyň gazanan şeýle zähmet üstünlikleri olaryň Hasyl toýuna hem hem özboluşly baýramçylyk sowgatlarydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçylygyny berkitmegi, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini daşarky bazarlara çykarmagy giň gerimde amala aşyrýan, gadymy daýhançylyk däplerimize, oba hojalyk özgertmeleri babatdaky maksatlaryna Balkan welaýatynyň babadaýhanlary hem mynasyp goşant goşýarlar. Şunuň ýaly tutumly maksatlary öňde goýýan kärendeçi daýhanlarymyz hem oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde hem-de ýygnamakda yhlas edip, zähmet üstünliklerine eýe boldular. Döwletimiziň agrosenagat toplumynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen giň gerimlerde alnyp barylýan düýpli özgertmelerinden ruhlanyp, Balkan welaýatynyň ýer eýeleri rysgal-berekediň baýramy bolan Hasyl toýuna şeýle zähmet sowgatlaryny taýýarladylar. Bu baýramçylyk serpaýynda halkymyzyň saçagynyň berekediniň artmagy üçin uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimize bolan il alkyşy jemlenýär.
Güneşli Diýarymyzda Hasyl toýunyň dabaraly toýlanýan günlerinde ähli babadaýhanlarymyzy, zähmetsöýer halkymyzyň saçaklarynyň berekediniň yzygiderli artmagy ugrunda döwlet derejesinde uly aladalar edýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we hormatly prezidentimiz arkadagly gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy we zähmet çekmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsyzlygy boýunça baş hünärmeni