Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de Ýaşlar guramasynyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Hormatly Prezidentimiziň 1-nji iýulda geçiren mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini ündäp, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, ýurdumyzda ýüze çykýan jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak, ýaşlaryň ahlak terbiýesi, işjeň raýat aň düşünjesini kemala getirmek, öz hukuklaryna we borçlaryna dogry düşünýän ýaşlary terbiýelemek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Burnebitgazhyzmat müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkeziniň uly mejlisler zalynda geçirilen wagyz-nesihat çäresine harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, Balkanabat şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Çärede Balkan welaýat prokuraturasynyň, Balkanabat şäher kazyýetiniň, Türkmenistanyň döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkan welaýat boýunça müdirliginiň hem-de Balkan welaýat polisiýa müdirliginiň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzda ýüze çykýan jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak, ýaşlaryň ahlak terbiýesi, işjeň raýat aň düşünjesini kemala getirmek, öz hukuklaryna we borçlaryna dogry düşünýän ýaşlary terbiýelemek maksady bilen ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlarda ýaşlaryň kanuny bähbitleri barada düşündirilip, esasy kanunymyzda jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridigi bellenildi.

Gülbahar Baýrammämmedowa

TAP-nyň Balkan welaýat komitetiniň esasy hünärmeni