Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýar.
2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky geçiren mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň seredilen wajyp meselelerini wagyz etmek maksatly şu günler Agrar partiýanyň welaýat, etrap komitetleri tarapyndan wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Şeýle wagyz-nesihat çäresi ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetleriniň bilelikde gurnamagynda Saýat etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginde gallaçy, pagtaçy babadaýhanlaryň we bagbanlaryň arasynda geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Milli Liderimiziň şu mejlisiň gün tertibiniň esasy soragynyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmak bolup durýandygyny aýdandygyny belläp geçdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda öňde durýan möhüm çärelere taýýarlyk görmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak hakynda we beýleki dürli soraglar kesgitlenildigi barada aýtdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatyň Prezidiumynda kabul eden çözgütler barada, syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalaryň öňünde goýan wezipeleri dogrusynda aýdyp geçdiler we özleriniň halkyň arasynda bolup, öňlerinde goýulan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde bar yhlas-gaýratlaryny aýaman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Soňra wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar Saýat etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň pagta ýygymyna taýýarlanyp ýören pagtaçy kärendeçileriň, bugdaýlara ideg edip ýören babadaýhanlarymyzyň, baglaryna ideg edip ýören bagbanlaryň armasyny ýetirdiler we olara zähmet ýeňişlerini arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni Jeren Kulyýewa