Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzyň oba senagat toplumy düýpli ösýär, özgerýär. Munuň şeýledigini oba hojalyk pudagynda gazanylýan belent sepgitler tutyş aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Hemmämiziň bilişimiz ýaly peder ýolyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz kärendeçi babadaýhanlaryň bereketli türkmen topragyndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmegi üçin ähli taraplaýyn kömekdir, goldawlary berýär. Ynha ýaňy ýakynda hem oba hojalygy pudagyny kämilleşdirmek bilen bagly birnäçe kararlar kabul edildi. Oba hojalyk pudagyndan bölünip aýrylmagy arkaly pudaklaýyn dolandyryş edaralary döredildi. Şonuň ýaly hem 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak barada kabul eden karary ýurdymyzyň oba hojalyk işiniň mundan-da beýläk kämilleşdirmekde, pagtanyň, bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegine uly mümkinçilik berer. Ine şular dogrysynda ýurdymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Köneürgenç etrabynda hem wagyz-nesihat ýygnaklary, söhbetdeşlikler yzgider geçirilýär. Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat we Köneürgenç etrap komitetleriniň işgärleri Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bolup hormatly Prezidentimiziň oba hojalygy bilen bagly kabul eden kararlaryny düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat  duşuşyklary geçirildi. Geçirilen duşuşyklarda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ilkinji aýlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba senagat toplumynyň işjeňligini artdyrmak, kärendeçileri ykdysady taýdan goldamak bilen bagly kararlary barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle hem öňdebaryjy göreldeli ýyladyşhana toplumynyň işgärlerine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşyryldy. Munuň özi toplumda işleýän işçi hünärmenleri öňkidende gaýratly zähmet çekmäge, işe bolan höwesini artdyrmaga uly mümkinçilik berer. Işlemene ähli mümkinçilikleri döredip berýän, ýurdymyzy ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň  Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç  etrap  komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar   HOJAHMETOWA