Türkmen gelin gyzlarynyñ uz barmaklarynyñ hünäri bolan el işleri bu günki gün bütin dünýä ýüzinde özüniň gadyr-gymmaty bilen giňden ykrar edilýär. Türkmen halysynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Her ýylyň maý aýnyň soňky ýekşenbesinde ýurdymyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär. Köneürgenç etrabynda hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Akgala geňeşligindäki Hywaçoý bagynda aýdym-sazly çäre geçirildi. "Türkmen halysy asyrlaryň owazasy" ady bilen geçirilen aýdym-sazly çäräni etrap häkimligi, bilim, medeniýet bölümleri, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneüregenç etrap komiteti we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurnadylar. Salkyn saýaly gözel tebigat goýnunda çäräniň geçiriljek ýerinde türkmeniň ak öýleri dikilip, olaryň öňlerinde haly we haly önümleriniň dürli görnüşli sergileri ýaýbaňlandyryldy. Sergilerde dürli ölçegdäki halylar, torbadyr, dogajyklar, at ýapynjadyr, gapylyk halylar, horjundyr, haly sumkalar görkezildi. Çäräniň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara, folklor we tans toparlarynyň sahna oýunlaryna, joşgunly tanslaryna uly orun berildi. Etrap medeniýet bölüminiň ýörite baýramçylygy bagyşlap taýýarlan aýdym-sazly çykyşlarynda dünýä ýaň salan türkmen halysynyň at owazasy, türkmen halysynyň baýramy, Arkadagly Serdarymyzyň tutymly işleri öz beýanyny tapdy. Uzak wagtlap dowam eden Türkmen halysynyň baýramçylyk çäresi waspy dillerde dessan Türkmen halysyna nä derejede belent sarpa goýulýandygyny açyp görkezdi.
Gülhumar HOJAHMETOWA
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni