Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ýaşlar-watanymyzyň daýanjy!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň meýilnamasy esasynda 2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Gökderedäki “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň  “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Kim çalasyn kim çakgan” atly gepleşigi bilen bilelikde guramagynda çagalaryň tomusky dynç alyş döwürlerini gyzykly geçirmek maksady bilen sport ýaryşy geçirildi.

  Ýagny sagdyn bedenli ýaşlar — jemgyýetiň we döwletiň kuwwatly daýanjydyr. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn hem-de kämil bolup ýetişmegi sagdyn durmuş ýörelgelerini, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy we döwrebap ylmy özleşdirmegi talap edýär.              Ýaş nesiller üçin ýurdumyzda birnäçe döwrebap şertler ýagny, sport desgalary, seýilgahler, çagalar baglary, mekdepler, söwda merkezleri, sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Ýagny biziň ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir”.

          

        

  Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri                Şalykowa Ogulgerek Nurýagdyýewna