Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitaby elmize gelip gowuşdy. Bu kitabyň sahypalaryndaky her bir jümleler uly mana eýe. Okyjyny özüne çekýän, ýaşlara güýç kuwwat berýän bu kitapda şeýle sözler bar. "Türkmen ýaşlary döwletden arkalydyr. Döwlet sarsmaz, tükenmez uly güýçdir. Biz döwletimizin güýjinden güýç alýarys" diýip belleýär. Elbetde bu sözlerde ýaşlarmyza bolan uly ynam bar. Asylly ýol ýörelgeleri mynasyp dowam etdirýän ýaşlarmyz beýik isleri başarýarlar. Şeýle baý-many mazmunly kitabyň tanyşdyryş dabaralary ýurdymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Köneürgenç etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bileikde gurnamaklygynda hormatly Prezidentimiziň ilkinji neşiri bolan “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabara il sylagly ýaşulylarymyz, kümüş saçly enelerimiz, jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri, etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabarada çykyşlara uly orun berildi. Il sylagly ýaşuly Toýly Gurbanmedow, TDP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Begenç Arazbaýew, TMÝG-nyň etrap Geňeşiniň hünärmeni Gülnahal Dädebaýewa, “Köneürgenç” taryhy we medeni döwlet goraghanasynyň hünärmeni Hemra Geldiýew, etrabyň 10-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Şatlyk Annagylyjow dagylar Arkadagly Gaharyman Serdarymyzyň kitabynyň many-mazmyny barada giňişleýin çykyş etdiler. Arkadag Serdarly bagdyýar ýaşlar ýyly ýaşlarmyz üçin ýatdan çykmajak ýyllyň biri bolandygy, ýaşlarmyzyň ykbalyna durmuşyna dahylly ägirt uly işleriň durmuşa geçirilendigi barada aýratyn belläp geçdiler. Kitapda hem ýaşlaryň geçen ýylda ýerine ýetiren işleri, gazanan zähmet üstünlikleri jemlenen diýip bellemek bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamynyň ýiti, şeýla baý many-mazmunly eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni