Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ýaşlarda bilim terbiýesi sagdyn durmuş ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasynyň, öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işlerde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda bolsa ýaş nesliň röwşen geljegi ugrundaky aladalar baş wezipeleriň hatarynda durýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatyna ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem düýpli özgertmelerine laýyklykda, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, şeýle hem ýaşlarymyzyň alan hünär bilimleriniň tejribeleri ykdysadyýetimiziň ösüşine gönükdirilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredilýär. Ylym we bilim,      edep-ekram düşünjeleri, ynsanyň iň gowy gylyk häsiýetlerini, belent adamkärçiligini, giň dünýägaraýyşlaryny,  medeniýetliligini, ahlak sypatlaryny özünde jemleýär hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň özara sazlaşykly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar we wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň biri hem TAP-yň Ak bugdaý etrap komitetiniň guramagynda etrabyň 26-njy orta mekdebinde “Ýaşlarda bilim terbiýesi, sagdyn durmuş ýörelgesi” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TAP-yň Ak bugdaý etrap komitetiniň esasy hünärmeni M.Halmämmedowa, 26-njy orta mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary P.Owganow dagylaryň çykyşlary diňlenildi. Olarda Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşinde täze tapgyr başlandy. Şunuň bilen baglylykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmäge, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hili elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge sanly ulgamy giňden peýdalanyp berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmäge, innowasion tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkyň saglygyny goramakda durmuşa geçirýän beýik işleri bolsa dünýäniň häzirki zaman tejribesinde görelde mekdebine öwrüldi. Halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşan “Il saglygy-ýurt baýlygy” diýen çuňňur paýhasa ýugrulan pähimine esaslanýan ynsanperwer syýasatda adamlaryň saglygyny goramaga ygtybarly esas döredýän mümkinçilikleri kemala getirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Çünki halkymyza eşretli eýýamy peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň filosofiki garaýşynyň esasynda “Halkyň bagtyýarlygyň saglykdan başlanýar” diýen çuň manyly sözleriniň esasynda milletimiziň sagdynlygyny berkitmek ugrunda alyp barýan tutumly işlerini giňişleýin beýan edýän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan melhemler mekany”, “Bagtyýarlyk sagdynlykdan başlanýar” atly kitaplary ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynda ynsan saglygynyň hemme zatdan ileri tutulýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýändigi bellemäge mynasypdyr. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmekde, olary durmuşa ornaşdyrmakda, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda hem düýpli işler alnyp barylýar.  Hormatly Prezidentimiziň döwletimizde ynsan saglygyny goramak adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alyp barýan işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak babatda hem netijeli işler alnyp barylýar diýip çykyşlarda bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda halkymyzyň durmuş ykdysady derejesini ýokarlandyrmak ugrunda döwletli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn, jany sag, ömri uzak bolsun diýip arzuw etdiler.

  

Täşliýewa Amanbibi,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Ak bugdaý etrap komitetiniň buhgalteri.