Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ýaşyl ýaýla ýaraşygy ýaşaýyşyň

Müňlerçe ýyllardan bäri, adamzat tebigatyň eçilen baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, onuň bilen sazlaşykly gatnaşyk saklamaga çalşyp gelýär. Şol ýörelge häzirki wagtda hem üstünlikli amala aşyrylýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, kämil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Hut şunyň bilen baglylykda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň mejlisler eýwanynda TAP-nyň Daşoguz welaýat komitetiniň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşiginiň hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi bilen bilelikde maslahat geçirildi. Örän täsirli geçen bu maslahatyň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna möhüm ugur hökmünde garalýandygyny, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň giňden bellenilip geçilýändigini aýratyn nygtap, eziz Diýarymyzda ekologiýanyň, gözel tebigatymyzyň bezegini, baýlygyny artdyrmak we ony gelejekgi ýaş nesillerimize ýetirmek ugrunda alynyp barylýan işleriň, geçirilýän çäreleriň ähmiýetiniň uludygyny bellediler. Maslahata gatnaşyjylar duşuşygyň ahyrynda Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy  döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmen halkyny bir supranyň başyna jemläp, ýurdumyzyň parahat, asmanymyzyň arassa bolmagy ugrunda gije-gündiz alada edýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 Şeýle-de maslahatyň dowamynda bu gözel baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti tarapyndan partiýamyzyň işjeň agzalaryna sowgatlar gowşuryldy.

 Jennet Saparowa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy