Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň işgärleri Çärjew EPB-niň Farap ŞPB-ň ýol gözegçileriniň gatnaşmaklarynda Çärjew etrabynyň 64-nji orta mekdebinde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” ady bilen Döwlet möçberinde geçirilýän 1 aýlygyň çäginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak, ýolagçylaryň sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary barada düşünjelerini ýokorlandyrmak boýunça wagyz-nesihat, okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri N.Durdybaýewa, Çärjew EPB-niň Farap ŞPB-ň PÝWT-ň KÝÝIBT-ň gözegçisi O.Döwletowa, Çärjew EPB-niň Farap ŞPB-ň ýol gözegçisi polisiýanyň kapitany Y.Jumakulyýew, Çärjew etrabynyň 64-nji orta mekdebiniň müdiri J.Saryýewa şeýlede Jemgiýetçilik guramalaryndan wekiller gatnaşyp ýaş nesillere ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmeklik, ene-atalaryň körpeleriň ellerinden tutup köçäniň beýleki tarapyna geçirmek ündeldi. Bu düzgünleri dürli gyzykly usullaryň, görkezme esbaplaryň, foto suratlaryň kömegi bilen ösüp gelýän ýaş neslimiziň aňyna ýetirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatymyzyň, şol sanda ýurdumyzy gelejekde dolandyrjak ýaşlarymyzyň ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmekleri ugrunda ýylyň dört paslynda hem ünsden düşürilmeýär.
Bu maslahatyň geçirilmäginiň düýp mazmunynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly ynsan saglygyny gorap saklamak, olaryň ömürleriniň rahatlylygyny üpjün etmek ýaly wajyp meselelerden durýar.
Bu bolsa Türkmen Halkynyň Milli Lidiri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändiginden nyşandyr.
Okuw maslahatynyň essasy maksady ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklerini, ýol hereketine gatnaşyjylaryň medeniýetini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Çykyşlaryň dürli görkezme esbaplar, foto suratlar bilen baýlaşdyrmagy bolsa olaryň täsirliligini artdyrýar.
Adamzat ykbalynyň ýagty gelejegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri Nasiba Durdybaýewa