Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 toýy mynasybetli TAP-nyň etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde gurnamaklygynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda TDP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Begenç Arazbaýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Şöhrat Soýungylyjow, TMÝG-nyň etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Gülnahal Dädebaýewa, 58-nji orta mekdebiniň mugallymy Berdimyrat Jumanow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýynyň biri-biri bilen ulaşýandygy, garaşsyzlyk ýylllary içinde ýurdymyzda alnyp barylýan işler, ýetilen sepgitler esasanda milli ykdysadyýetimizde uly orun degişli bolan oba hojalyk pudagynda gazanylan üstünlikler barada aýratyn belläp, şonuň netijesinde ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanýandygy, ýurdymyzda azyk bolçylygynyň döredilýändigi barada nygtadylar. Baý many mazmuna beslenip, örän täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy bilen Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, ýurdymyzy bedew bady bilen ösüşleriň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň başlygy Amangylyç GOLBAÝEW