Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ýurdumyzda himiýa pudagy ösüş ýolunda!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri esasynda oba hojalyk pudagy gülleýär, ösýär. Bu günki gün täze döwürde, täze zamanada Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny dowam etdirip, oba senagat pudagynyň düşewüntli pudaga öwrülmegi üçin yzygiderli aladalary edýär. Buýsanç bilen belläp geçmeli taryhy hakykatymyz hem daýhan üçin esasy zerur zatlaryň biri bolan mineral dökünler bilen üpjünçilik ýokary derejede üpjün edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken taryhy karary esasynda indi daýhanlara döwlet sargytlary bilen ekilýän ekinlerden başga aralyk ekinler üçin hem erkin bahadan mineral döknüler bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän daýhanlarymyzy mineral dökünler bilen öz ýurdumyzda öndürilen önümler bilen üpjün etmäge giň şert döredildi. Muňa Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda hereket edýän mineral dökünleri öndürýän kuwwatly zawod-fabrikleri mysal getirse bolar. Öň ýurdumyza gyzyl pula getirilýän mineral dökünler, indi ata Watanymyzda öndürilýär, artykmajy daşary ýurtlara eksport edilýär. Biziň ýurdumyzda mineral dökünleri eksport etmek mümkinçiliklerimizi artdyrmagada şertler uly. Bu şertleri, mümkinçilikleri bize Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Akadagymyz, peder ýoluny üstünlikli döwam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz döredip berdi.

Ýurdumyzda hereket edýän şeýle kuwwatly zawodlaryň biri-de Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodydyr. Ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda bu zawotda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Agrar syýasatyny wagyz etmek maksatly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine Agrar partiýanyň işjeň agzalary, zawodyň öňdebaryjy işgärleri, S.Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor mugallymlary, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary, mugallymlary işjeň gatnaşdylar we täsirli çykyşlary etdiler. Soňra wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda durmuşa geçirilýän işler bilen ýakyndan tanyşyp, olaryň armasyny ýetirdiler we olara işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

Bagtyýar Derkarow Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri