Gahryman Arkadagymyz nusgalyk göreldesi esasynda ýurdumyzda bellenilip geçilýän şanly senelerimiziň öň ýanynda öz halkyna şol şanly baýramçylyk bilen berk baglanyşykly kitaplary ýazyp, dürli hazynalaryny peşgeş berýär.
Bu kitaplar barada durup geçip kelam agyz aýdanymyzda Milli Liderimiziň Ahalteke bedewlerimiz hakynda, türkmen halysy hakynda, Bereketli türkmen tagamlary, gök çaý hakyndaky, Türkmen medeniýeti hakynda, Türkmeniň alabaý iti hakynda, Beýik ýüpek ýolumyz hakyndaky, dermenlyk ösüdmliklerimiz hakyndaky köptomluk kitaplary, Aşgabat şäheri hakynda, Garaşsyzlygymyz, Bitaraplygymyz hakyndagy we ýene-de onlarça temalarda ýazylyp, halkymyzyň sebit, dünýä halklarynyň ýürek töründen ýer alan kitaplar bar. Bu kitaplaryň ählisi giň halk köpçüligine niýetlenen dürli hazynalary bolup, biziň geçmişimize, şu günimize, şanly geljegimize aýdyň göz ýetirmäge giň mümkinçilik döredip, öz aslymyza, milli gymmatlyklary göz ýetirmäge, olara buýsanyp, dünýä ýaýmakda biziň ýan kitabymyza öwrüldi.
Ynha, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 29-njy iýunynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününde “Arkadag şäheri-geljegiň şäheri” atly kitaby il halkyna sowgat berdi hem-de Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheri dabaraly ýagdaýda açyldy.
Şu günler ýurdumyzyň ähli künjegi bilen deň hatarda Lebap welaýatynyň etraplarynda, şäherlerinde, obalarynda hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Arkadag şäheri-geljegiň şäheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş we Arkadag şäheriniň açylyş dabaralary saz-söhbete beslenip uly ruhybelentlikde geçirilýär.
Türkenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti tarapyndan hem täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralarynyň birnäçesi geçirildi.
Türkenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, Dänew etrap komitetleri tarapyndan Dänew etrabynyň “Ýalkym” daýhan birleşiginde geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabaralarynda çykyş eden Agrar partiýanyň jogapkär işgärleri hem-de işjeň partiýa agzalarymyz Gahryman Arkadagymyzyň “Arkadag şäheri-geljegiň şäheri” atly kitabynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek bilen 3 dilde çapdan çykan täze kitapda döwrümiziň täsinligi, Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylda Arkadag şäheriniň gurluşygyna ak pata bermegi bilen dörän täze “akylly” şäheri fotosuratlary, owadan ýerleri, täsirli wakalary hakynda hem söhbet edilip, ýurdumyzyň ykdysady we ylmy-tehnologik taýdan okgunly ösüşini, “ýaşyl” tehnologiýalary, ekologiýa taýdan arassa, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň tejribelerini bir ýere jemleýän, ahalteke bedewleri dünýä beren bu gadamy topragyň özgerişi hakynda ýazylandygy barada buýsanç bilen belläp geçdiler.
Çykyşlarda jogapkär işgärlerimiz, işjeň partiýa agzalarymyz halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ösdürip, ajaýyp durmuşy bagş eden Milli Liderimize, bu ýörelgäni üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirip, köp-köp sag bolsun aýtdylar.
Marýam Ibadullaýewa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni