Hormatly Gahryman Prezidentimiziň parasatly, öňdegörüji, oýlanyşykly ýöredýän hoşniýetli içeri we daşary syýasatynyň biri-biri bilen utgaşykly, örän sazlaşykly alnyp barylmagy ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýar. Halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, berkarar döwletimiziň ösüşli ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Gahryman Prezidentimiz - Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy esasynda ynamly öňe barýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Gahryman Prezidentimiziň hem-de Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen merdana halkymyz uly üstünliklere we şanly wakalara baý bolan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyny üstünlikli jemläp, “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna gadam goýdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda şu geçen döwür milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge, halk hojalygynyň pudaklaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläkde ýokarlandyrmaga gönükdirilen giňmöçberli özgertmeleriň döredijilikli mazmunyny bütindünýä aýan etdi. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň obadyr şäherleriniň keşbiniň tanalmaz derejede özgermegi, paýtagtymyz, ak şäherimiz Aşgabadyň dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýyl saýyn ýokarlandyrylmagy – bularyň hemmesiniň aňyrsynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem - de Gahryman Arkadagymyzyň döwleti ösdürmekdäki alyp barýan pähim - parasatly, oýlanyşykly adyl syýasaty durýar.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl rowaç gadamlary bilen ruhy dünýämize hem - de durmuşymyza girdi. Beýik akyldaryň ýurdumyzda we dünýäde adamzadyň ruhy medeniýetiň genji-hazynasyna, adamlary sap ahlakly, ynsanperwer ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde milli edep - terbiýe mekdebine öwrülen mirasyny köptaraplaýyn açyp görkezmek, giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn beýik işler döredijilikli buýsançly dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň we adamzadyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda Magtymguly Pyragy bahasyna ýetip bolmajak belentlikde durýar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur öwrenmek we wagyz etmek döwrüň talabydyr.
Hormatly Gahryman Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan döredijilikli teklipleri esasynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024 - 2025 - nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň tamamlanýan günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz zehin-paýhasyndan çykan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji ajaýyp kitabyny halkymyza sowgat etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu eseri hemmeler üçin aýratyn hem bagtyýar ýaşlarymyz üçin gymmatly ýol - ýörelge bolup, onuň ýaşlara we olaryň geljekki wezipelerine bagyşlanmagy döwletimizde ýaş nesillerimize bildirilýän ynamyň aýdyň beýanydyr.
Halkara giňişliginde dünýä döwletleri tarapyndan doly ykrar edilýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent pähim-paýhasyndan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dünýä dolýan sarpasyndan ruhlanan welaýatymyzyň agzybir ilaty, bagtyýar ýaşlary, iň gowy arzuwlary kalbynda besläp, Hormatly Gahryman Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyşlaryny aýdýarlar.
Ähli üstünliklerimiziň gözbaşyndan durup, halkymyzy eşretli geljege alyp barýan Hormatly Gahryman Prezidentimiziň hem - de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy Batyr Adylow