Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagy ösüşlere beslenýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, etrap komitetleriniň işgärleri, wagyzçylar toparlarynyň agzalary hem oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän babadaýhanlarymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek has düşewüntli pudaga öwürmek maksatly durmuşa geçirýän işlerini wagyz-nesihat etmek maksatly iş saparlary bilen oba hojalykçylaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, armasyny ýetirip durýarlar. Ynha şeýle medeni çäresi “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň oktýabr aýynda hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylygynda Saýat etrabynyň Gülüstan daýhan birleşiginde zähmet çekýän, welaýatda ady belli bagbanlarymyzyň, alma, armyt, behi, erik, şetdaly ýaly miweli baglary ýetişdirip, gerek edermen bagbanlaryň, pagtaçy, gallaçy babadaýhanlarymyzyň, gök-bakjaçylarymyzyň, pileçilerimiziň armasyny ýetirip, olary zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmak maksatly geçirildi. Babadaýhanlarymyzyň armalaryny ýetirmek maksatly geçiren wagyz-nesihat çärelerinde Saýat etrabynyň Gülüstan daýhan birleşigide bagbanlarynyň üstünliklerini görüp esasan hem bir daýhan birleşigiň çäginde daýhan birleşigiň ýüzlerçe gektar ýerde alma, behi, erik, şetdaly, garaly, üzüm ýaly baglaryň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda bol miwe berip oktýabr aýynyň içinde ak bazarlara çykarmak mümkinçiligini bagbanlarymyza berip duran gözýetmez baglary görüp ýerlerde babadaýhanlarymyzyň, bagbanlarymyzyň gazanýan zähmet ýeňişlerine, üstünliklerine neneň guwanmajak, neneň buýsanmajak.
Şu ýerde Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň şäherlerimizi, obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçiren işleriniň mysalynda ýurt boýunça 145 million düýp nahal ekilip ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülendigini, ýakynda şäherlede ekilen baglaryň iň köplügini göz öňünde tutulyp Aşgabat şäherine bag ekmekde halkara güwanamasynyň berilmeginde biz türkmen halky üçin uly buýsançly waka öwrüldi.
Ýurdumyzda bagçylyk ugrunda ösdürmekde Saýat etrabynyň Gülüstan daýhan birleşiginiň bagbanlary ýaly, Halaç, Kerki, Farap etraplarynda bag ýetişdirip ýören bagbanlarymyz baka, Döwletli, Dänew etrabynda tarp ýerde täze döwrebap baglary ýetişdirip ýören bagbanlary görüp biz Arkadagly Serdarymyz, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işini, ýörelgesini mynasyp etdirjek bagbanlaryň Lebap welaýatynyň çäginde gün-günden köpelýändigini biz uly buýsanç bilen aýtmaga bizde doly esas bar.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň şeýle rysgal-berekete beslenip gelmegi, bolçulygyndan nyşan. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri babadaýhanlarymyza oba hojalyk pudagyndan bol hasyl ýetişdirip ak bazarlarymyza elýeter bahadan çykarmaga giň şertleri döredýär.
Biz hem babadaýhanlarymyza, bagbanlarymyza, gök-bakja ýetişdirýän kärendeçilerimize gaýtadan işläp taýýar önüm görnüşinde halka ýetirýän telekeçilerimize “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň hasyl toýuna zähmet ýeňişleri bilen barmaklaryny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Marýam Ibadullaýewa