Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Zähmetim getirsin watana şöhrat!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Güneşli Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda demokratik özgertmeleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezdidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alýan Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň wekilleri olary üstünlikli ýerine ýetirmek-de yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Hormatly Prezidentimiz hem Agrar partiýamyz döredilende onuň işiniň üstünlikli alnyp baryljakdygyna uly ynam bildirdi. Bu belent ynamy ödemek ugrunda biz geçen döwrüň içinde uly tagallalary etdik. Ýurdumyzyň Agrar ulgamynda hereket edýän bu syýasy partiýa tarapyndan oba ýerlerinde we daýhan birleşiklerindäki ekerançylaryň we maldarlaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny, oba zähmetkeşleriniň yhlasly zähmet çekmekleri we eşretli ýaşamaklary üçin döwletimiz tarpyndan önüm öndürijilere berilýän ýeňillikleri, bank karzlaryny, oba hojalygyndaky salgyt ýeňilliklerini halk içinde wagyz etmek işleri yzgiderli alnyp barylýar. Biziň oba ýerlerinde geçirýän wagyz-nesihat, düşündiriş işlerimizde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň diňe bir obanyň keşbini özgertmän, eýsem, türkmen obasynda bagtyýar ýaşaýan her bir adamyň dünýägaraýşyny aňdüşünjesini ösdürmekde oba durmuşyny galkyndyrmakda bahasyna ýetip bolmajak başlangyçlardygyna ünsi çekmegimiz oba zähmetkeşlerinde uly ruhubelentlikler döredýär. Şoňa göräde raýatlarymyzyň ruhubelent zähmet çekmekleri üçin olaryň aňyna we kalbyna Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleriniň many-mazmunyny yzygiderli ýetirip durýarys. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda düýpli özgertmeleri gazanýan milli ykdysadyýetimizde agrosenagat toplumy möhüm orny eýeleýän pudaklaryň biridir. Agrosenagat toplumynda ylmyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmakda, täzelikleri önümçilige ornaşdyrmakda, öňdebaryjy tejribeleri ata-babalarymyzyň daýhançylykda toplan baý iş tejribeleri bilen utgaşdyrmakda, bilimli oba hojalyk hünärmenlerini taýýarlamakda gazanylýan üstünlikler döwrebap ösüşleriň buýsançly subutnamalarydyr. Ýeri gelende aýtsak, gök ekinleriň bol hasylyny ýetişdirmekde Balkan welaýatymyzyň Gyzylarbat, Bereket, Etrek, Esenguly hem-de Magtymguly etraplarynyň kärendeçi daýhanlarynyň agzybirlikli çekýän  zähmetleri bellenilen sepgide üstünlikli ýetiljekdigine uly ynam döredýär. Welaýatyň bu etraplarynyň gurply toprakly ýerlerinde ýetişdirilýän gök we bakja önümleriniň tagamynyň, ynsan saglygyna täsiriniň başgaçadygyny hem bellemek gerek.Türkmen daýhanyna öndürijilikli, döredijilikli işlemäge, päk zähmeti bilen bereketli topragymyzdan bol hasyl öndürmäge, halal baýap, eşretli durmuşyň hözirini görmäge uly mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimize oba hojalyk pudagynyň her bir işgäriniň alkyşlary çäksizdir.Goý türkmen halkymyzy baky bagtyýarlygyň eýesi eden Milli Liderimiziň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan her bir işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Hurma Garaýewa

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Balkan welaýat komitetiniň

Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň

baş hünärmeni