Bu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip atlandyrylmagy ähli halkymyzy buýsandyrdy. Behişdi bedew atlaryň asyl mekany hasaplanylýan Arkadag şäherinde atçylyk sungatymyzyň ösdürilmegi, ylmy taýdan öwrenilmegi we bu ugurda kämil hünärmenleriň ýetişdirilmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan Ahalteke bedewlerine bagyşlap ýazan kitaplary bolsa, atçylyk sungatyny öwrenmegiň kämil mekdebidir. Türkmenistanyň halk atşynasy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewlerimiz barada: «Ahalteke bedewleri türkmen topragynyň hakyky täsinligidir, türkmen halkynyň kalbynyň ganatydyr, biziň milli buýsanjymyzdyr» diýip belleýär.
Arkadag şäherimizde gurlan her desganyň daşky keşbi onuň ýerine ýetirijilik wezipesini alamatlandyrýar. Türkmen halky naly şowlulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplaýar. Binagärlik bezeginde milli gymmatlyklaryň ornaşdyrylmagy halkymyzyň döreden ýagşy dessurlarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň, durmuşymyza içgin ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Arkadag şäheriniň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň binasy bolsa taslama çözgüdi boýunça at nalynyň şekilindedir. Şeýlede Taýçanak binasynyň açylmagy, Taýçanak binasyndan Akhan binasyna çenli ýoluň ugrundaky germewlere ýerleşdirilen atyň şekilleriniň Akhan binasyna tarap hereket edip barýan bedewleri göz öňüňde janlandyrýar. Bu bolsa gadymy Arkadag şäherimizde Ahalteke bedewlerini ylmy esasda öwrenip, geljekki nesillere ýetirmekde dowamat-dowam işleriň alnyp barylýandygyny aňladýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, köňüllerimize joşgun, döredijiligimize ylham berýän bedew atlarymyzy ösdürip ýetişdirýän ussat atşynaslarymyza giň mümkinçilikler we şertler döredilip berilýär. Olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” ýaly hormatly atlar dakylýar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň milli baýramy uly ruhubelentlikde toýlanýar.
Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Arkadag» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde yglan eden «Arkadag şäheri ― behişdi bedewleriň mekany» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenip, ýeňiji bolan raýatlarymyza Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapyndan hormat hatlary, gymmat bahaly we höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Bu bolsa gadymy behişdi ahalteke bedewlerimizi öz goşgy setirlerinde, makalalarynda giňden wasp edýän döredijilik işgärlerini, atşynaslaryny geljekde döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Ahalteke bedewleriniň şan-şöhradyny dünýä ýaýmaga we milli gymmatlygymyzy ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýtýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan her bir tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Mekan Ataýew
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Arkadag şäheriniň komitetiniň bölüm müdiri