Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän “Altyn bürgüt” kiçi kärhanasynyň ýyladyşhanasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinden öň şol kiçi kärhanabyň ýyladyşhanasynda alnynp barylýan işler bilen ýakyndan tanyş bolduk. Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy EMIS Jumakulyýew tarapyndan esaslandyrylan, Baýram Jumaýew tarapyndan dolandyrylýan bu ýyladyşhana 8 gektar ýerde ýerleşip, 6 sany ýyladyşhana toplumyndan ybaratdyr. Ýyladyşhananyň her biri 1,3 gektardan ybaratdyr. Her 1,3 gektar ýyladyşhana 33 müň düýp pomidoryň “Marmelans” şitili, jemi 200 müň şitil oturdylyp, ýylda 250 tonna, jemi 6 sany ýyladyşhanadan 2 müň tonna pomidor hasyly alynýar. Öndürilen önümler Alyjylar jemgyýetiniň we telekeçiler birleşmesiniň üsti bilen söwda merkezlerimize, ak bazarlarymyza ugradylýar. Artykmaç önümler 10-15 sany ýörite sowadyjyly Mersedes awtomaşynlar bilen Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystana ugradylýar. Döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlar esasynda şeýle kuwwatly, täze tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhanany döredip, sowadyjyly awtoulaglary, dürli tehnikalary ýeňillikli karzlar esasynda almaga mümkinçilik döreden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza “Altyn bürgüt” kiçi kärhanasynyň 100-den gowrak işçi topary köp sgbolsunlaryny aýtdylar. Olar Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijilere berýän kömek-goldawlary esasynda sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kuwwatly ýyladyşhanada zähmet çekýändiklerine örän byýsanýarlar. Bu ýerde zähmet çekýän işgärleriň aglabasynyň ýaşlar bolmagy, olara günortan arakesmede dynç almak, naharlanmak, sport bilen meşgullanmak, gündelik täzelikler bilen tanyşmak üçin ýokary şertleriň döredilendiginiň aýdyň şaýady bolduk. Kiçi kärhananyň ýyladyşhanasyna alnyp barylýan işler bilen tanyşlykdan soňra 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de 2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň teklibi boýunça jemgyýetçilik syýasy durmuşymyzda amala aşyryljak Konstitusion özgertmeleriň many-mazmuny aýdyň düşündirildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow.