Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

“Asmanymyz Parahat, dünýä dolsun owaza, Bedew Atyň badynda ýol uzasyn dowama!”

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe 2026-nji ýylyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň dünýä bilelişiginiň umumy ykrar edilen ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygynyň  aýdyň subutnamasydyr. Her ýylda däp boluşy ýaly täze ýylyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi bizi  has hem begendirdi we guwandyrdy. Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça asylly däbe dowam etdirmek bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow 2026-njy ýylyň şygaryny yglan etdi. Ýetip gelen täze ýyly  "Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Bedew batly at-myradyň mekany" ýyly diýlip atlandyryldy hem-de onuň nyşany kabul edildi.

    Täze ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýär. Şygarda bedew batly at türkmen halkynyň milli buýsanjynyň gaýratynyň we ösüşe okgunlygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirilýär.

    2026-njy ýylyň nyşany hem ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünliklerini halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýar. Ol ykdysady we medeni ruhy ösüşlere gönükdirilen belent maksatlaryň nyşany bolup hyzmat edýär.

Täze ýylyň şygary we nyşany 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek jemgyýetçilik syýasy medeni köpçülikleýin çäreleriň zähmet üstünlikleriniň we ösüş maksatlarynyň ruhy binýadyny emele getirer. Ynha ýakynda şol sebapli hem Türkmenistanyň Agar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti we Türkmenabadyň Pagta egriji fabrigi bilen bilelikde  Türkmenabadyň Pagta egriji fabriginiň uly mejlisler zalynda “Asmanymyz Parahat, dünýä dolsun owaza, Bedew Atyň badynda ýol uzasyn dowama!” atly dabaraly maslahaty geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Agar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň jogapkär işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdy.

Dabaraly maslahatyň dowamynda maslahata gatnaşyjylar öz hoşallyklaryny aydyp,

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy täze  “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bilen gutlap täze ýylda başlarynyň dik, janlarynyň sag umumy adamzat bähbitli alyp barýan işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny tüýs ýüreginden arzuw etdiler.

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni

Gülzara Bekmemedowa