Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komiteti we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologoýa institutynyň bilelikde gurnamagynda taryhy we medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we geljek nesillerimize miras galdyrmak maksadynda Kerki şäher Geňeşinde “Geçmişden geljegi nazarlaýan ýol” ady bilen ylmy maslahat geçirildi. Ylmy maslahata Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Bahar Mämmedowa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň başlygy Rahmanberdi Öwezow, Kerki etrabynyň medeniýet bölüminiň başlygy Allanazar Ýazjumaýew, Kerki döwlet taryhy medeni goraghanasynyň hünärmenleri, etrabyň bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.
Welaýatymyz taryhy we medeni ýadygärliklere baý bolmak bilen olaryň ählisi hem özünde gymmatly maglumatlary saklaýar. Bu bolsa syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän esasy ugurdyr. Çünki şol taryhy maglumatlar has irki döwürlerde-de türkmen topragynyň medeniýetiň ösen ojaklaryň biri bolandygyna şaýatlyk edýär.
Turuwbaşdan täsirli başlanan bu ylmy maslahatda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Bahar Mämmedowa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň başlygy Rahmanberdi Öwezow, Kerki etrabynyň medeniýet bölüminiň başlygy Allanazar Ýazjumaýew dagylar çykyş edip, şöhratly taryhymyzy öwrenmek, eždatlarymyzyň dünýä ýaýan mertlikdir edermenligini, milletimiziň dünýä ösüşine goşan medeni we ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmek boýunça durmuşa ornaşdyrylýan işler dogrusynda, gadymy Lebap topragynyň baý taryhy medeni mirasy bilen meşhurlyga eýedigi barada, mele suwly gadymy Jeýhuny jähekläp oturan Lebap topragynyň üstünden ençeme asyrlary aşyran medeni we taryhy ýadygärlikleriniň özüniň gaýtalanmajak gözelligi, täsinligi we taryhy maglumatlara baýlygy bilen köpleriň ünsüni özüne çekýändigi, üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen gadymy Kerki topragynda ýerleşýän Astanababa aramgähiniň, Alamberdar tugçynyň ýadygärliginiň diňe bir taryh, binagärlik bilen gyzyklanýanlaryň däl, eýsem, zyýaratçylaryň hem iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülendigi dogrusynda gyzykly we täsirli gürrüňler etdiler.
Ylmy maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda taryhy we medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, olary geljek nesillerimize miras goýmak barada uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni Sonagül Hudaýberenowa