Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

“Hakyda göwheri” kitabynyň tanyşdyrlyş dabarasy!

 Arkadagly Gahryman Serdarymyz 29-njy noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň neşir edilendigini habar berdi. 

Ýurdumyzda ýaşlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze eseriniň mazmuny we ähmiýeti bilen tanyşdyrýan dürli çäreler geçirilýär.

Ynha ýakyn günlerde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat we Saýat etrap komitetiniň gurnamagynda Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitabynyň tanyşdyrlyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary we medeniýet öýüň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze eseriniň neşir edilmegi Halkara Tanyşdyrlyş dabarasynda Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda hemmeler üçin ajaýyp sowgat bolandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Tanyşdyrlyş dabarasyna gatnaşanlar milli medeni mirasy öwrenmegiň we ýaýratmagyň möhümdigine, şeýle hem «Hakyda göwheri» kitabynyň ähmiýetini nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri ýaş nesliň watançylyk we ahlak terbiýesine hem jemgyýetiň sazlaşykly ösmegine goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. 

Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň “Taryha syýahat” we “Ruhy miras” atly baplardan ybaratdyr.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar “Hakyda göwheri” atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutladylar hem-de asylly döredijilik işi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň hünärmeni

Rozyhal Piriýewa