Kerki etrap häkimliginiň hünär tehniki okuw mekdebiniň talyp gyzlarynyň arasynda Milli bahar baýramy Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli “Hany, bakaly gyzlar!” ady bilen aýdym-sazly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde gyzlar salamlaşmak, aýdym aýtmak, tans etmek, dürli görnüşli işdäaçarlary taýýarlamak, börek bükmek, käşir dogramak we un aş kesmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Kerki şäher medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy Tamara Ergeşowanyň, hünär tehniki okuw mekdebiniň aşpez hünäriniň mugallymy Çary Rozymyradowyň, hünär tehniki okuw mekdebiniň zenanlar guramasynyň başlygy Bahar Gelýowanyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň hünärmeni Oýdin Aşyrowanyň eminlik etmeginde çekeleşikli geçen bäsleşikde I-orna “Güller” topary, II-orna “Akitil” topary, III-nji orna bolsa “Älemgoşar” topary mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Kerki etrap häkimliginiň hünär tehniki okuw mekdebi taraparyndan ýädigärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň hünärmeni, zenanlar guramasynyň agzasy Sülgün Kerimowa