Bu günler güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde pagta ýygymy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Hut şu mynasybetli hem “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň sahawatyny bolluk bilen eçilýän ajaýyp güýz günleriniň birinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň, TKA-nyň Kerki etrap birleşmesiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde atyzlaryň ýaraşygy bolan ýüwrük elli ýygymçylaryň, öz işine ussat pagtaçy kärendeçileriň, pagta ýygyjy maşynlaryň sürüjileriniň armasyny ýetirmek maksady bilen günortan gysga wagtlyk arakesme wagtynda “Harmanyňyza bereket, edermen babadaýhanlar!” ady bilen Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde uly şatlyk-şowhuna beslenip, aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulylar, etrabyň öňde baryjy ussat kärendeçileri, pagta ýygyjy maşynlaryň sürüjileri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda etrabyň öňde baryjy kärendeçilerine, pagta ýygyjy maşynlaryň sürüjilerine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Kerki etrap hassahanasy tarapyndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyndan melhemlik otlardan taýýarlanan çaýlary çärä gatnaşyjylara hödürlenildi.
Etrap medeniýet bölüminiň şirin owazly aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp zamanamyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bahbitli alyp barýan işlerini, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary ýygnananlaryň kalbynda ýakymly täsir galdyrdy we oba zähmetkeşlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni Sonagül Hudaýberenowa