Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

“Magtymguly Pyragy – ýürekleriň çyragy” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň, medeni diplomatiýanyň üsti bilen ýurdumyzda türkmen nusgawy şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda taryhy mirasy gorap saklamak babatynda giň tejribe toplanyp, bilelikde hyznatdaşlygyň medeni we ynsanperwer ugurda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda hem Eziz Diýarymyzda türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumy geçirildi. Bu forum medeni ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge, geljekde bu ugurda alnyp baryljak işleri has-da ösdürmäge, Magtymgulynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge uly itergi berer. Çünki, Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynyň üsti bilen dünýä halklaryny agzybirlige, dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyran, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyny arzuwlan akyldar şahyrdyr.

2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň,   Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgbat şäher geňeşiniň hem-de Aşgabat şäherindäki Gurluşyk orta Hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Magtymguly Pyragy – ýürekleriň çyragy” ady bilen Aşgabat Gurluşyk orta Hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu ýerde çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklaryň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýa edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, şahyryň goşgularynda bolsa öňe sürürlen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleriniň üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurtlarynyň şahrlary we alymlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.

Baý many mazmuna beslenip, örän täsirli geçen çärä gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Ogulgerek ŞALYKOWA