Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde galla oragy gyzgalaňly möwsümi dowam edýär. “Uly iliň soltany” diýlip atlandyrylýan guş gursak bugdaý saçaklarymyzyň bezegi. Bugdaý türkmen diýarynda juda gadymy döwürlerden bäri ekilýän dänelik ekinleriň biri. Halkymyz geçmişde ýazlyk we güýzlük bugdaý ýetişdirmegiň baý tejribesini toplapdyr. Şonuň üçinem bu ýagdaý biziň halkymyzda daýhançylyk, esasanam bugdaýçylyk bilen bagly köp sanly nakyllardyr atalar sözüniň döremegine getiripdir. “Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmydyr”, “Ýazlyk ýalkanyňky, güýzlük pugtanyňky”,”Buharynyň biteni, jaýdäriniň ýeteni”, kimiň nakyllar, “Tohum sepilende, kündäniň arşyna degip, ýere gaçan ýazlyk gök galar” kimiň aýtgy bugdaý bilen baglydyr. Ýeri gelende aýdylsa, irki döwürde, demirgazyk Türkmenistanda, “Jaýdäri”,”Buhary”, “Tokmakbaş” diýip atlandyrylan bugdaý görnüşleriniň ekilendigini ýaşuly adamlar gürrüň berýärler.
Bu bugdaý görnüşleriniň hersiniň özüne mahsus aýratynlyklary bolupdyr. Mysal üçin “Tokmakbaş” syk başly bugdaý bolup, oňa guş kän bir zyýan ýetirip bilmändir. Ýöne döwmesi birneme kynçak bolupdyr. “Buhary” tiz ýetişýän, sowuga, şora çydamly görnüş bolsa-da, hasyllyklygy “Jaýdärä” garanda pes bolupdyr. Şonuň üçinem “Buharynyň biteni, jaýdäriniň ýiteni” diýen nakyl döräpdir. Edil şonuň ýaly ýazlygyň hasyllylygy hem güýlügiňkiden pesräk gelipdir. Şeýle bolansoň “Ýazlyk ýoltanyňky, güýzlük pugtanyňky” diýen pähime uýan pederlerimiz ýetişip bildigiňden güýzlük bugdaý ekmäge çalyşypdyrlar. Ýere ýazlyk ekmek çäresizligiň (wagtynda suw bolmazlygynyň) hem-de tohumy ýetirmezligiň çykalgasy hasap edilipdir.
Tejribeli daýhanlar bugdaý ekjek ýerlerini suwaryp, güýzki ekişe öz wagtynda ýetişýän ýagdaýlarynda hem tohumy ýetirmezlik üçin hökman bir bölek ýere ýazlyk bugdaý ekilipdir. “Her ýyl bir tahýa dolusyndaky ýazlyk bugdaýyň tohumyny ekmedik hakyky daýhan däl diýen aýtgy ýörgünli bolupdyr. Güýzlük bugdaýdan çykymy pesräk gelse-de semeni gaýnatmak we beýleki hajatlar üçin ýazlyk bugdaýyň hem gerek ýerleri bolupdyr. Güýzlükden hasyly az diýip, onuň tohumyny ýitirmändirler.
Daýhanlar ýazlyk, güýzlük bugdaý ekmegiň döwürlerini hem tebigy alamatlar boýunça kesgitläp bilipdirler. Mysal üçin igde miwesiniň daşynyň ýaldyrap başlamagy, güýzlük bugdaýyň ekişiniň wagtynyň gelendigini aňladypdyr. Ýazlyk bugdaý ekişiniň wagty bolsa, ýeriň doňunyň çözülip, künde düşer ýaly bolmagydyr. Daýhanlar bahar ýere palta urup görüpdirler. Şonda topragyň üstki gatlagyndaky doň ýukalyp, künde doň kesegi ýaryp biler ýaly derejä gelen bolsa, ýazlyk ekişine girişipdirler.
Mälim bolşy ýaly, geçmiş taryhymyza ser salanyňda biziň ýurdymyzda suwuň ýetmezçilik eden halatlary az bolmandyr. Sebäbi häzirki ýaly suw sorujylaryň ýoklugy, häzirki ýaly kämil suw gurluşyk desgalarynyň gurulmanlygy köp kynçylyklary döredipdir. Şeýle ýyllarda hem tejribesi ýetik daýhanlar dürli usullar bilen ýyl azygyny alypdyrlar.
Yzgarly takyrlara düme bugdaý ekilipdir. Güýzde suw bolman, gyşda suw gelende güýzlük bugdaý ekiljek ýerleri çala çaýypdyrlar. Doň ýere künde düşmeýär. Şonda howanyň çalaja maýlap, topragyň ýüzüniň doňunyň çözerine garaşypdyrlar. Şeýle gün bolup, suwarylan ýeriň doňy çözüp, palçyk bolandanam güýzlük bugdaýyň tohumyny sepipdirler. Sepilen tohum palçyga garylar ýaly üstünden dowar sürüsini eýläk-beýläk geçiripdirler.
Daýhanlar güýzlük bugdaýdan ýyl gallasyny edinmek üçin başga-da dürli usullary ulanypdyrlar. Güýzlük bugdaýy wagtynda ekmäge halys mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda bugdaý tohumyny kersende ezip, çalaja şine urdurypdyrlar. Sonam suw içen ýeriň çagesi ýa-da yzgar toprak bilen garypdyrlar. Güýzlük bugdaýyň toprak bilen garylan tohumyny doňar ýaly jaýyň üstünde ýa başga bir ýerde goyupdyrlar. Ýazlyk bugdaýyň ekiş döwri gelen bada hem ekipdirler şeýdip öz wagtynda ekilip, güýzde kök aýryp ýetişen bugdaý ýaly bolmasa-da, bolşuna görä güýzlük bugdaýdan hasyl alypdyrlar.
Biziň döwrümizde gallaçy daýhanlar suw, tehnika, tohum, dökün bilen öz wagtynda döwlet tarapyndan üpjün edilýär. Ýöne geçmişde daýhanlaryň ulanan tejribesini öwrenmek hem daýhançylykda tejribäniň artmagyna oňaýly tasir edýär. Onsoňam bu zatlar halkymyzyň gymmatly geçmiş taryhy bolup durýar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň buhgalteri Oguljemal Berdiýewa